Türkmenistanda Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezi dörediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezi dörediler
Täze merkeziň döredilmeginiň ýurdumyzyň sport ugrunda beýik gazananlaryny dünýäde giňden beýan etmäge gönüden-göni ýardam bermegine garaşylýar.

Türkmenistanyň sport ulgamynda gazanýan üstünliklerini dünýäde giňden wagyz etmek maksady bilen, Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezi dörediler. Bu dörediljek merkeziň işleri barada wise-premýer Sapardurdy Toýlyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa beren hasabatynda aýtdy.

Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary gatnaşdylar.

Wise-premýeriň hasabatynda aýdylyşy ýaly, bu merkeziň esasy wezipeleri kagyzda neşir edilýän köpçülikleýin habar beriş serişdelerini elektron görnüşe hem-de sanly ulgama geçirmekden, Türkmenistanyň internetiň habarlar-täzelikler ulgamyna gatnaşmagyny giňeltmekden, saýtlary we beýleki web-serişdeleri döretmekden hem-de gazet-žurnallaryň işlerini döwrebaplaşdyrmakdan ybarat bolar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň ýurdumyzyň beýik gazananlaryny dünýäde giňden beýan etmäge gönüden-göni ýardam berýändigini belledi. Milli Liderimiz Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezini döretmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek barada wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Mundan başga-da, mejlisiň dowamynda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe taýýarlanylan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

2022