ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID) penşenbe güni sebitleýin “Bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we iş orunlaryny döretmek” (CTJ) atly bäş ýyllyk taslamasyny üstünlikli tamamlady.
USAID-yň ýaýradan metbugat beýanatyna görä, bu taslama Merkezi Aziýanyň eksportyny ýeňilleşdirip, miwe we bakja önümçiligi, ulag we logistika hem-de syýahat pudaklarynda iş üpjünçiligini artdyrmaga ýardam berdi.
Innowasiýa taslamalary
USAID Innowasiýa gaznasynyň çäginde Merkezi Aziýadaky 34 sany innowasiýa taslamasyna 1,97 million ABŞ dollary möçberinde maýa goýdy. Miwe we bakja önümçiligi, ulag we logistika hem-de syýahat pudaklarynda işleýän hyzmatdaşlaryň eksportyny artdyrmak, işlerini ösdürmek we täze iş orunlary döretmek üçin innowasiýa başlangyçlaryny höweslendirmek Innowasiýa gaznasynyň döredilmeginiň esasy maksady bolup durýar.
Innowasiýa gaznasynyň itergisi bilen hususy pudaga jemi 5,89 million ABŞ dollary möçberinde maýa goýuldy. Netijede, 23 sany kompaniýada 634 sany täze iş orny döredildi we 13 sany kärhana 37 sany täze bazara öz önümlerini eksport etdi.
Merkezi Aziýanyň bagbançylygynyň üstünlikleri
USAID Merkezi Aziýanyň bagbançylygynda möhüm üstünlikleri goldap, “Merkezi Aziýanyň tagamy” atly markasynyň ösdürilmegini goldady. Şeýle hem, Merkezi Aziýanyň miwe we bakja öndürijileri hem-de eksport edijileri öz içine alýan wirtual gollanma döredildi. Şonuň esasyndaky geçirilen B2B duşuşyklar 17,5 million ABŞ dollarlyk şertnamalaryň baglaşylmagyna sebäp boldy.
Merkezi Aziýada syýahatçylygy höweslendirmek
USAID Merkezi Aziýany syýahat etmäge höweslendirmek hem-de syýahaty ösdürmek üçin syýahatçylyk assosiasiýalary, milli syýahatçylyk komitetleri we 400-den gowrak hususy pudagyň wekilleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda işläp, syýahatçylyk markasyny döretdi. USAID “WideOyster Travel” žurnaly bilen hyzmatdaşlykda, dünýä derejesinde tanalýan onlaýn syýahatçylyk platformasynda Merkezi Aziýanyň ýörite neşirini döretdi.
Mundan başga-da, USAID Merkezi Aziýanyň syýahatçylyk ýerleriniň ýokary hilli 3D panoramik kartalaryny taýýarlady. Şeýle-de 31 sany täze trekking ugurlary barada neşir döredildi. Bu goldaw “Lonely Planet” žurnalynyň Merkezi Aziýany 2020-nji ýylyň ýanwar aýy üçin dünýäniň iň gowy syýahat sebiti diýip atlandyrmagyna goşant goşdy.
Sebitde söwdanyň höweslendirilmegi
Bäş ýylyň dowamynda USAID-iň CTJ taslamasy Merkezi Aziýa sebitiniň söwdasyny artdyrmak maksady bilen, her ýyl geçirilýän Merkezi Aziýanyň Söwda Forumyny gurnady. Forum bäş ýylyň dowamynda 16 müňden gowrak işewür wekillerini hem-de wezipeli adamlary özüne çekip meşhur marka öwrüldi. Forumlarda we işewürlik çärelerinde rekord derejede şertnama baglaşylyp, olaryň jemi 88 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy.
2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda USAID täze bäş ýyllyk Merkezi Aziýanyň bäş döwletinde ýerine ýetiriljek 19 million ABŞ dollarlyk “Merkezi Aziýa Söwda taslamasyny” yglan etdi.