Türkmenistan bilen Pakistanyň baş diplomatlary YHG-nyň mejlisine taýýarlanýarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Pakistanyň baş diplomatlary YHG-nyň mejlisine taýýarlanýarlar
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşiniň 2021-nji ýylyň dekabrynda Yslamabatda geçirilen duşuşygy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşiniň arasynda duşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda taraplar şu ýylyň 22-23-nji martynda Pakistanyň Yslamabat şäherinde geçiriljek Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky 48-nji mejlisine görülýän taýýarlyklar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, sebit hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň çözgüdinde özara hereketleriň pugtalandyrylmagy babatynda bu forumyň möhüm ähmiýeti bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Pakistanyň APP habarlar agentliginiň belleýşi ýaly, Şah Mahmud Kureýşi Pakistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň wajyplygyna ünsi çekdi.

Ministrler ykdysady hyzmatdaşlyk üçin binýady has netijeli etmek barada ylalaşyp, iki ýurduň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça toparyň mejlisini bellenilen möhletinden ir geçirmek kararyna geldiler.

Ýokary döwlet derejesindäki gepleşikleriň, ilkinji nobatda 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Pakistanyň Prezidenti Arif Alwiniň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň derwaýyslygy nygtaldy.

Şeýle hem, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijileriniň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan iş ýüzündäki meselelere aýratyn üns berdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022