Türkmen wekiliýeti Kabulda elektrik geçiriji taslamalar boýunça gepleşikleri geçirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen wekiliýeti Kabulda elektrik geçiriji taslamalar boýunça gepleşikleri geçirýär
Owganystanyň elektrik kompaniýasynyň baş direktory Hafiz Mohammad Amin Türkmenistanyň elektrik taslamalarynda kompaniýanyň ýakyn hyzmatdaşydygyny aýtdy. (Surat: DABS)

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekiliýeti Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisi ýaly elektrik üpjünçiligi taslamalarynyň kanuny we tehniki işini çaltlaşdyrmak boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Kabula geldi. Bu barada Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) döwlet energiýa kompaniýasy duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berdi.

DABS-yň edara binasynda türkmen wekiliýeti bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Owganystanyň elektrik kompaniýasynyň baş direktory Hafiz Mohammad Amin Türkmenistanyň elektrik taslamalarynda kompaniýanyň ýakyn hyzmatdaşydygyny aýtdy.

Mundan başga-da, Amin bilelikdäki hereketleriň ýol kartasynyň döredilmeginiň elektrik taslamalarynyň, hususan-da, Owganystanda elektrik bekediniň we TOP taslamalarynyň işini çaltlaşdyrjakdygyna umyt bildirdi.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň TOP ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalarynyň müdirliginiň başlygy Myrat Artykow saparynyň maksadynyň Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen DABS-yň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdygyny aýtdy. Şeýle-de Artykow DABS bilen ýakyn hyzmatdaşlykda täze elektrik bekediniň taslamasy, TOP we Andhoý-Kabul elektrik geçirijisi boýunça işleriň ilerlediljekdigini aýtdy.

Mundan başga-da, taraplar ýurduň elektrik taslamalarynyň kanuny we tehniki meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin aýratyn duşuşyk geçirip, degişli şertnamalara gol çekerler.

Duşuşyga Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow hem gatnaşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022