Hytaý Merkezi Aziýa bilen söwdany $70 milliarda ýetirmegi maksat edinýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaý Merkezi Aziýa bilen söwdany $70 milliarda ýetirmegi maksat edinýär
Si Szinpin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň talyplaryna Hytaýda bilim almaklary üçin 1 müň 200 sany talyp haklaryny berjekdigini aýtdy. (Surat: Hytaý Hökümeti)

Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sişenbe güni sanly ulgam arkaly “Merkezi Aziýa-Hytaý” sammiti geçirildi. Onuň dowamynda Hytaýyň Prezidenti Si Szinpin Merkezi Aziýa ýurtlary bilen 2030-nji ýyla çenli özara söwdany 70 milliard ABŞ dollaryna ýetirmegi maksat edinýändigini mälim etdi.

Sammite Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. Bu barada Hytaýyň CGTN döwlet teleýaýlymy anna güni habar berdi.

Hytaýyň Lideri Si Szinpin sammite gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk ýubileýi bilen gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly  Berdimuhamedow sişenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen “Merkezi Aziýa-Hytaý” sammitiniň dowamynda bar bolan özara bähbitli gatnaşyklaryň Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Hytaýa ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýändigini belledi.

Hytaý hyzmatdaşlarynyň halkynyň abadançylygyny çuňňur alada edýändigini aýdyp, şol sebäpli Si Szinpin bu sebite ýene-de 50 million sanjym bermegi, goşmaça lukmançylyk merkezlerini gurmagy we netijede olaryň hemmesiniň arasynda saglyk pudagy bileleşigini döretmegi  wada berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly  Berdimuhamedow hem öz çykyşynyň dowamynda biz Merkezi Aziýa-Hytaý görnüşinde ýurtlarymyzyň ylmy-lukmançylyk birleşikleriniň, epidemiologiýa we sanitariýa gulluklarynyň, beýleki ugurdaş edaralaryň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary guramagyň usulyny döretmäge ýakyn wagtda girişeris diýdi. Döwlet Baştutanymyz ilkinji şeýle duşuşygy şu ýyl geçirmegi teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga örän uly özara gyzyklanma bar. Şundan ugur alyp, biz bu gyzyklanmany höweslendirmelidiris. Yzygiderli bolar ýaly, giň medeni we ylmy alyşma işjeň ýardam bermelidiris” diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hytaýyň Baştutanynyň teklip eden beýleki meýilnamalary syýahatçylygy giňeltmegi, bilermenler alyş-çalşygyny we metbugat hyzmatdaşlygyny öz içine  alýar. Şeýle hem, Si Szinpin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň talyplaryna Hytaýda bilim almaklary üçin 1 müň 200 sany talyp haklaryny berjekdigini aýtdy.

Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndakyky söwda dolanyşygy soňky 30 ýylyň dowamynda 100 esse artdy.

2022