Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrligi sanly hyzmatlarynyň gerimini giňeltdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrligi sanly hyzmatlarynyň gerimini giňeltdi
Portalyň hyzmatlary guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, ýuridik taraplara hem-de ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işini alyp barýan telekeçilere degişli bolup durýar.

Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrligi tarapyndan täze e.fineconomic.gov.tm döwlet hyzmatlar portaly ýola goýuldy.

Täze portalyň üsti bilen, salgyt kanunçylygyna laýyklykdaky resminamalary (beýannamalary, arzalary we habarnamalary) salgyt edarasyna barmazdan onlaýn ýagdaýda ibermek mümkinçiligi elýeterli boldy.

Şeýle-de ýuridik şahslary we maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan bellige almak bölümi, tenderlere we bäsleşikli söwdalara onlaýn gatnaşmak hyzmaty döredildi.

Portalyň hyzmatlary guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, ýuridik taraplara hem-de ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işini alyp barýan telekeçilere degişli bolup durýar.

Häzirki wagtda ýuridik şahslary we maýa goýum taslamalary döwlet tarapyndan bellige almak bölüminiň hyzmatlary şulardan ybaratdyr:

  • Ýuridik şahsyň adyny tassyklamak
  • Ýuridik şahsy bellige almak
  • Ýuridik şahsy gaýtadan bellige almak
  • Ýuridik şahsyň hasaba alyş möhletini uzaltmak.

Ýola goýlan onlaýn hyzmatlar Türkmenistanda amala aşyrylýan 2019-2025-nji ýyllar üçin niýetlenen sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda amala aşyryldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022