Russiýa-Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygynyň 2024-nji ýylda başlanmagyna garaşylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýa-Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygynyň 2024-nji ýylda başlanmagyna garaşylýar
“Soýuz Wostok” uzynlygy 6 müň 700 kilometre barabar bolan “Sila Sibiri-2” (Sibiriň güýji 2) turba geçiriji ulgamynyň bir bölegi bolar. (Surat: “Gazprom”)

Russiýadan Hytaýa uzaýan täze tebigy gaz geçirijisiniň gurluşygynyň 2024-nji ýylda başlanmagyna garaşylýar diýip, Mongoliýanyň premýer-ministriniň orunbasary Sainbuýan Amarsaihan çarşenbe güni ýurduň resmi metbugat gullugyna aýtdy.

Deslapky çaklamalara görä, taslama 2027-2028-nji ýyllarda tamamlanar diýip, Amarsaihan belledi.

“Soýuz Wostok” diýlip atlandyrylýan täze gaz geçirijisiniň taslamasynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmalary sişenbe güni tamamlandy. Şol günüň dowamynda Mongoliýa bilen Russiýanyň arasynda tehniki-ykdysady esaslandyrmalary öz içine alýan teswirnama gol çekildi.

Russiýanyň “Gazprom” gaz kompaniýasynyň beýanatyna görä, bu esaslandyrma Mongoliýanyň çäginden geçýän 963 kilometrlik üstaşyr gaz geçirijini öz içine aldy.

“Soýuz Wostok” uzynlygy 6 müň 700 kilometre barabar bolan “Sila Sibiri-2” (Sibiriň güýji 2) turba geçiriji ulgamynyň bir bölegi bolar. Bu bolsa öz gezeginde “Gazproma” Ýamalo-Neneski sebitindäki gaz ýataklaryny birleşdirmäge we ýylda Hytaýa goşmaça 50 milliard kubmetre çenli gaz ugratmaga mümkinçilik berer.

Russiýa bilen Hytaýyň arasynda hereket edýän gaz üpjünçiligi şertnamasyna laýyklykda, “Gazprom” kompaniýasy “Sila Sibiri” turbageçirijisi arkaly 2025-nji ýyldan başlap, her ýyl 38 kubmetr gaz ibermek barada şertnama baglaşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022