Türkmenistan bilen Gyrgyzystan Özbegistana onuň sebitlerinde elektrik üpjünçiligini dikeltmäge ýardam berdi. Bu barada Özbegistanyň Energetika ministrliginiň bölüm müdiri Abdumalik Nazirowyň çarşenbe güni aýdanlaryna salgylanyp, “Krasnaýa Wesna” agentligi habar berdi.
Nazirow Türkmenistanyň Özbegistandaky Buhara we Kaşkadarýa welaýatlaryna, Gyrgyzystanyň bolsa Andijan, Namangan we Fergana welaýatlaryna energiýa üpjünçiligini dikeltmäge ýardam berendigini aýtdy.
Sişenbe güni Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bitewi elektrik ulgamynda näsazlyk ýüze çykdy. Bu bolsa öz gezeginde Gazagystanda, Özbegistanda we Gyrgyzystanda birnäçe gidroelektrik stansiýalarynyň we ýylylyk elektrik stansiýalarynyň işiniň togtadylmagyna sebäp boldy.
Elektrik togunyň kesilmegi Özbegistanyň we Gazagystanyň birnäçe nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň işiniň togtadylmagyna hem sebäp boldy.