Ilkinji “Merkezi Aziýa-Hindistan” sammiti penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesine goşmak baradaky meselä seretmegi teklip etdi.
Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň çakylygy boýunça geçirilen onlaýn sammite Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdylar.
Premýer-ministr Narendra Modi sammite gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, Hindistan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk ýubileýi bilen gutlady hem-de netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz “Merkezi Aziýa-Hindistan” sammitiniň Sekretariatynyň döredilmeginiň maksadalaýykdygyny hem-de “Merkezi Aziýa-Hindistan” Parlament forumy baradaky teklibiň oňyndygyny belledi.
Şeýle-de sammitiň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hindistanyň arasyndaky netijeli ulag, energetika we tehnologiýa ulgamynyň döredilmegi teklip edildi.
Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz Hindistanyň hem-de Merkezi Aziýanyň arasynda harytlary we hyzmatlary erkin geçirmek meselelerini çözmek maksady bilen, ýurdumyzyň hindi tarapynyň Çabahar portuny Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň düzümine goşmak hem-de degişli bilelikdäki Iş toparyny döretmek hakyndaky tekliplerini goldaýandygyny aýtdy we Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny bu üstaşyr ugra goşmak baradaky meselä seretmegi teklip etdi.
Mundan başga-da türkmen tarapynyň hindistanly hyzmatdaşlar bilen elektrik energetikasy ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy mälim edildi.
Şeýle-de sammitiň çäklerinde “Merkezi Aziýa-Hindistan” lukmançylyk assosiasiýasyny döretmegiň meselesine seretmek teklip edildi.
Sammitiň jemleri boýunça “Deli Jarnamasy” atly bilelikdäki beýannama kabul edildi.