Türkmenistan bilen Azerbaýjan Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod baýlyklaryny bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda hökümetara Ähtnama boýunça ýakyn geljekde bilelikdäki türkmen-azerbaýjan Bilermenler toparynyň duşuşygyny geçirmek barada ylalaşdylar. Bu barada Azerbaýjanyň Energiýa ministrligine salgylanyp, “Interfaks” agentligi penşenbe güni habar berdi.
Azerbaýjanyň Energiýa ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, “Dostluk” taslamasyny işläp taýýarlamak we ylalaşmak boýunça Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň Bilelikdäki Iş toparynyň dördünji mejlisi penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirildi. Mejlisiň azerbaýjan tarapyna Azerbaýjanyň Energetika ministri Parwiz Şahbazow, türkmen tarapyna bolsa Türkmenistanyň Döwlet ministri, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar bu taslama boýunça gepleşikleriň gidişini we durmuşa geçirilmeginiň iki ýurt üçin ähmiýetini bellediler.
Bellenilişi ýaly, duşuşygyň netijesinde ýakyn wagtda Iş toparynyň çäginde döredilen bilelikdäki Bilermenler toparynyň nobatdaky ýygnagyny geçirmek kararyna gelindi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň duşuşygyň jemleri boýunça beren beýanatyna görä, taraplar “Dostluk” ýatagy hakyndaky bilelikdäki ylalaşygyň degişli goşundylarynyň tiz wagtda ylalaşylmagy babatynda özara düşünişdiler.
Bilermenler toparyna geljekki potratçy-maýadaryň gyzyklanmalaryna dahylly bolan degişli resminamalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagy hem-de ylalaşylmagy bilen bagly bolan hereketleriň işjeňleşdirilmegi tabşyryldy.
Hünärmenleriň pikirine görä, “Dostluk” ýatagynda takmynan 60 million tonna nebitiň we 100 milliard kubmetr tebigy gazyň barlygy çaklanylýar.
“Dostluk” uglewodorod ýatagynyň serişdeleriniň 30%-niň Azerbaýjanyň we 70%-niň Türkmenistanyň paýyna düşmegine garaşylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň fewral aýynda Russiýanyň “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow bilen geçiren duşuşygynda “Lukoýl” kompaniýasynyň “Dostluk” ýatagyny özleşdirmäge gatnaşmak meýlini Türkmenistanyň goldaýandygyny hem-de bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça anyk maýa goýum tekliplerine garamaga taýýardygyny aýdypdy.