Owganystan bilen Türkmenistan elektrik üpjünçiligi taslamasy boýunça şertnama gol çekdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Owganystan bilen Türkmenistan elektrik üpjünçiligi taslamasy boýunça şertnama gol çekdi
“Nur-ul-Jahad” podstansiýasynyň kuwwatyny 110 kilowatdan 220 kilowada çenli artdyrmak boýunça şertnama gol çekildi.

Owganystan Türkmenistan bilen ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Hyrat welaýatyndaky “Nur-ul-Jahad” podstansiýanyň kuwwatyny artdyrmak boýunça şertnama gol çekdi. Bu barada Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) energiýa kompaniýasy anna güni mälim etdi.

Beýanatda bellenilişi ýaly, Kabulda geçirilen DABS-yň resmileriniň we Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekiliýetiniň agzalarynyň hem-de “Çalik Enerji” türk kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda dört gün dowam eden gepleşiklerden soň, “Nur-ul-Jahad” podstansiýasynyň kuwwatyny 110 kilowatdan 220 kilowada çenli artdyrmak boýunça şertnama gol çekdiler.

Resminama gol çekilenden soň, Owganystanyň Suw we energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Mulla Abdul Latif Mansur türkmen wekiliýetine we “Çalik Enerji” kompaniýasynyň wekillerine saparlary üçin minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň Owganystana mydama hoşniýetlilik görkezýändigini aýtdy. Ol geljekde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dowam etdirilmegine umyt bildirdi we Türkmenistany Owganystanda has köp ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge çagyrdy.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň TOP ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalarynyň müdirliginiň başlygy Myrat Artykow soňky dört günüň dowamynda geçen üçtaraplaýyn gepleşikleriň netijeli bolandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekiliýeti Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisi ýaly elektrik üpjünçiligi taslamalarynyň we şol sanda “Nur-ul-Jahad” podstansiýanyň kanuny we tehniki işini çaltlaşdyrmak boýunça gepleşikleri geçirmek üçin duşenbe güni Kabula geldi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022