Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilelikdäki energiýa taslamalary boýunça gepleşikleri geçirmek üçin 2022-nji ýylyň 30-njy ýanwary we 4-nji fewraly aralygynda Pakistanyň Yslamabat şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
Bu baradaky Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň Daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamalaryny amaly taýdan durmuşa geçirmek maksady bilen, Pakistanyň degişli ýolbaşçy we tehniki hünärmenler derejesinde taslamalar boýunça toplumlaýyn gepleşikleri geçirer .
Türkmenistan häzirki wagtda TOPH gaz geçirijisi hem-de TOP elektrik we optiki-süýümli geçirijileri ýaly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşiniň arasynda duşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirilipdi. Onuň barşynda taraplar TOPH gaz geçirijisiniň, TOP elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijileriniň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan iş ýüzündäki meselelere aýratyn üns beripdiler.
Şeýle hem, Owganystanyň ýokary derejeli wekiliýeti we türkmen resmileri şu ýylyň 15-nji ýanwarynda Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň barşynda TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça wagtlaýyn togtadylan işleri mart aýynda dowam etdirmegi ylalaşypdylar.