Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.
Bu baradaky resminama Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň dünýä ýurtlary hem-de halkara guramalar bilen howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri barada beren hasabatyndan soň gol çekildi.
Meredow köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Daniýada döredilen Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Howanyň üýtgemegi boýunça tehnologiýalar merkezi bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi. Bu Merkez BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň we Senagat ösüşi boýunça guramasynyň howandarlygynda hereket edýär.
Şeýle-de Daşary işler ministri Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy bilen birnäçe taslamalar boýunça degişli resminamalaryň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Bu resminamalara türkmen tarapyndan Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrine gol çekmäge rugsat bermek teklip edilýär.
Milli Liderimiz hödürlenilen teklipleri makullap, wise-premýere, Daşary işler ministri Meredowa ýurdumyzyň ekologiýa başlangyçlaryny ilerletmek hem-de bu ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.
“Pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, onuň çeşmeleriniň we kuwwatlyklarynyň iş ýüzünde herekete getirilmegi ekologiýa hem-de howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde ägirt uly ähmiýete eýedir. Geljegiň ýangyjy hasap edilýän wodorody peýdalanmak üçin giň mümkinçilikler açylýar. Munuň özi onuň ýokary ulanyş häsiýetleri bilen şertlendirilendir we onuň ekologiýa häsiýetnamalary aýratyn möhümdir” diýip, Döwlet Baştutanymyzyň belledi.
Geçen ýylyň oktýabr aýynda Balkan welaýatynda ýerleşýän Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) wodorod önümçilik desgasyny gurmak we işe girizmek boýunça halkara tender yglan edipdi.