Ýanwar IV hepde: eksport geleşikleri $39 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar IV hepde: eksport geleşikleri $39 milliondan geçdi
Daşary ýurtly telekeçiler “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň degişli kärhanasynda öndürilen ECO-93 awtobenzinini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 39 million 35 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Russiýanyň telekeçileri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) öndürilen polipropileni, Beýik Britaniýanyň, Owganystanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň degişli kärhanasynda öndürilen ECO-93 awtobenzinini satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň işewürleri nah ýüplügi, guradylan buýan köküni, float aýnasyny satyn aldylar.

Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri jemi bahasy 757 müň manatdan gowrak nah ýüplügi we el halylaryny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy ABŞ-nyň 210 müň 272 dollaryna barabar bolan portlandsementi, TNGIZT-da öndürilen, jemi bahasy 3 million 165 müň manatdan gowrak nebit ýol bitumyny, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy.

2022