Häzirki Eýran senenama ýylynyň ilkinji on aýynda (2021-nji ýylyň 21-nji martynda başlandy) Eýranyň Sarahs demir ýol geçelgesiniň üsti bilen Merkezi Aziýa ýurtlaryna eksporty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 73% ýokarlandy. Bu barada Horasan demir ýollarynyň müdiri Mustafa Nasyryň aýdanlaryna salgylanyp, Eýranyň IRNA agentligi geçen penşenbe güni habar berdi.
Mustafa Nasyryň bellemegine görä, degişli döwürde Sarahs demir ýol geçelgesinden Merkezi Aziýa ýurtlaryna 14 müň 700-den gowrak wagonlarda 925 müň tonna ýük eksport edildi.
Merkezi Aziýa döwletlerine eksport edilen harytlaryň arasynda sement (32%) birinji ýerde durýar.
Sarahs demir ýol geçelgesi arkaly ugradylan ýükleriň aglaba bölegi Özbegistana (41%) we Türkmenistana (37%) eksport edildi.
Sarahs serhetýaka şäheri Horasan Rezawi welaýatynyň paýtagty Maşad şäheriniň 202 km demirgazyk-gündogarynda ýerleşýär.