Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýer, Daşary işleri ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň esasy düzümleri, hususan-da, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet baradaky ýöriteleşdirilen edarasy (ÝUNESKO) bilen gatnaşyklary ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Mälim bolşy ýaly, ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň 13-18-nji dekabry aralygynda Pariž şäherinde geçirilen 16-njy mejlisiniň dowamynda dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny bu sanawa girizmek barada çözgüt biragyzdan kabul edildi. Netijede, şu ýylyň 30-njy ýanwarynda ÝUNESKO-dan degişli güwänamanyň asyl nusgasy gelip gowuşdy.
Milli Liderimiz şatlykly habary kanagatlanma bilen kabul edip, iş maslahatyna gatnaşyjylary we ähli türkmen halkyny bu ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutlady.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi, şol sanda dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen bagly milli we halkara giňişlikde alnyp baryljak işleriň meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Sapardurdy Toýlyýewe Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralaryny döretmek boýunça işleri çaltlandyrmagy hem-de ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasyna ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň käbirini girizmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mährijemal Mämmedowa bu şatlykly waka mynasybetli 1-nji fewralda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dabaraly maslahat we sergi geçirmegi, şeýle hem maslahatda welaýatlardan we Aşgabat şäherinden aýratyn tapawutlanan dutar ussalaryna “Çeper döredijiligiň halk ussasy” diýen adyň dakylandygy baradaky şahadatnamalary gowşurmagy hem göz öňünde tutmagy tabşyrdy.
Şeýle-de maslahatyň dowamynda paýtagtymyzy we welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlygyň barşy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi bilen bagly wezipelere hem-de döwletimiziň durmuşyna degişli käbir wajyp meselelere garaldy.