Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde anna güni Günorta gaz geçelgesiniň konsultatiw geňeşiniň 8-nji ministrler maslahaty geçiriler.
Maslahata Ýewropanyň energiýa boýunça komissary Kadri Simson, Ýewropanyň goňşuçylyk we giňelme boýunça komissary Oliwer Warhelýi, şeýle hem ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Gruziýanyň, Italiýanyň, Gresiýanyň, Bolgariýanyň, Albaniýanyň, Horwatiýanyň, Wengriýanyň, Çernogoriýanyň, Rumyniýanyň, Serbiýanyň, Demirgazyk Makedoniýanyň, Moldowanyň, Bosniýanyň we Gersegowinanyň, Ukrainanyň hem-de Türkmenistanyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşarlar. Bu barada Azerbaýjanyň energiýa ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Şeýle-de duşuşyga BP, BOTAŞ, TPAO, TANAP, TAP, SNAM, “Fluxys”, ICGB, “Romgaz”, SACE, SGC, “Enagas”, “Uniper”, “TotalEnergies”, “Equinor”, “Lukoil” kompaniýalarynyň, halkara maliýe institutlarynyň, şol sanda Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň hem-de Ýewropanyň maýa goýum bankynyň wekilleri gatnaşarlar. Konsultatiw geňeşiň şu ýylky mejlisine Saudy Arabystanyň “ACWA Power” we Birleşen Arap Emirlikleriniň Masdar kompaniýalarynyň wekilleriniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.
Günorta gaz geçelgesiniň konsultatiw geňeşiniň çäklerinde geçiriljek 8-nji maslahatynyň dowamynda plenar mejlisi geçiriler. Plenar mejlisiň esasy mowzuklary şulardan ybarat bolar:
- Günorta geçelge boýunça üstünlikler we geljek – Günorta gaz geçelgesini täze energetika bazarlaryna, şol sanda Günorta Balkanlara çenli giňeltmek,
- Energetika geçişine, ýagny uglerodyň bitaraplygy ýolundaky – gazylyp alynýan ýangyçlaryň we metanyň zyňyndylaryny azaltmak çäreleri: Ýollar, kynçylyklar we tertipler.
Günorta gaz geçelgesi bu Hazar we Ýakyn Gündogar sebitlerinden Ýewropa tebigy gaz ugratmak boýunça Ýewropa Komissiýasynyň başlangyjydyr. Günorta gaz geçelgesiniň maksady Ýewropanyň energiýa üpjünçiliginiň çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr.
Umumy uzynlygy 3,500 kilometre we bahasy 40 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan Günorta gaz geçelgesi üç sany gaz geçiriji taslamasyny öz içine alýar: Azerbaýjany we Gruziýany kesip geçýän Günorta Kawkaz turbalary, Türkiýäniň çäginden geçýän TANAP üstaşyr Anatoliýa gaz geçirijisi we Gresiýa bilen Albaniýanyň üstünden geçip Italiýa barýan Transadriatik gaz geçirijisi (TAP).
2020-nji ýylyň dekabrynda Azerbaýjandan Günorta gaz geçelgesi arkaly Ýewropa bazaryna ilkinji gezek gaz iberildi.
Hazar sebitinde tebigy gaza baý ýurtlaryň biri bolan Türkmenistan tassyklanan gaz gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde dördünji orunda durýar.