Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýa sapary başlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýa sapary başlandy
Pekin, Hytaý (Surat: CGTN)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni iş sapary bilen Hytaýyň paýtagty Pekin şäherine ugrady. Bu ýerde milli Liderimiz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Sapardan öň Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda ylym, bilim, saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlaryna jogapkär Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy Sapardurdy Toýlyýewiň hem XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Hytaýa iş sapary bilen gidýän wekiliýetiň düzümine girýändigi bellenildi.

Milli Liderimiz wise-premýere ýüzlenip, Hytaýa sapardan gaýdyp gelnenden soň, toparyň Düzgünnamasyna laýyklykda nähili hereket etmelidigi baradaky teklibi bermegi aýtdy.

Wise-premýer S.Toýlyýew adatdan daşary toparyň Düzgünnamasyna laýyklykda, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek üçin sapardan gelnenden soň, hökmany suratda, karantin çäreleriniň berjaý edilmelidigini, bu çäreleriň iň gysga wagtynyň — 3 gün, ortaça wagtynyň — 10 gün, iň wajyp wagtynyň bolsa 21 gün bolmalydygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu habary diňläp, wekiliýetiň agzalarynyň hem karantin geçmeli boljakdyklaryny aýdyp, arassaçylyk kadalaryna görä, biz 3 gün — ýekşenbe, duşenbe we sişenbe günleri karantinde bolarys diýip belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi şu toparyň başlygynyň orunbasary, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesowyň üstüne ýüklendi.

2022