Russiýanyň Kazan şäherinde “Türkmen söwda öýi” kompaniýasy öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygy penşenbe güni mälim etdi.
“Türkmen söwda öýi” kompaniýasy boýunça Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň “Türkmendaşarysöwda” döwlet kärhanasynyň jogapkär wekili Begendik Artykow Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygynyň goldawy bilen Tatarystan Respublikasynyň Maýa goýumlaryň ösüşi agentliginde duşuşyk geçirdi. Şeýle-de Artykowyň Tatarystanyň Senagat we söwda ministriniň orunbasary, Oba hojalygy we azyk ministri we Tatarystanyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili bilen onlaýn gepleşikleri geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda özara bähbitli söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Türkmen söwda öýi” kompaniýasynyň esasy işi Türkmenistanda we Russiýada öndürilen dürli harytlaryň lomaý we bölek söwdasyna gönükdiriler.
Kompaniýa lomaý we bölek satyn alyjylary, harytlaryň önümçiligi, paýlanylmagy hem-de satylmagy bilen meşgul bolýan kompaniýalary özüne çekmäge gönükdirilendir. Kompaniýanyň täjirçilik işiniň ileri tutulýan ugurlaryndan biri Türkmenistanda öndürilýän dokma, trikotaž we egin-eşik önümleriniň gerimini giňeltmekden ybaratdyr.
Baş konsullygyň beýanatynda habar berlişi ýaly, kompaniýa ilkinji günlerinden başlap, iň häzirki zaman tehnologiýalary we enjamlary bilen enjamlaşdyrylan hem-de halkara ülňülerine laýyk gelýän Türkmenistanyň öňdebaryjy zawodlarynda öndürilen harytlary gönüden-göni eltip bermegi maksat edinýär.
“Türkmen söwda öýi” kompaniýasy geçen ýylyň mart aýynda Kazan şäherinde hasaba alyndy.