Fewral I hepde: eksport geleşikleri $52 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Fewral I hepde: eksport geleşikleri $52 milliondan geçdi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 52 million 60 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň we Şweýsariýanyň telekeçileri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň degişli kärhanasynda öndürilen EKO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 53 million 790 müň manatdan gowrak bolan ýokary dykyzlykdaky polietileni hem-de el halylaryny satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.

2022