Türkmen Lideri Ärdoganyň koronawirus ýokanjyndan gysga wagtda gutulmagyny arzuw etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri Ärdoganyň koronawirus ýokanjyndan gysga wagtda gutulmagyny arzuw etdi
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan we onuň maşgalasy Emine Erdogan (Surat: AA)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana hat iberdi we türk Lideriniň hem-de onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi baradaky habary uly gynanç bilen kabul edendigini belledi.

“Gujur-gaýratyňyz we güýçli erkiňiz bilen Siziň bu keseli gysga wagtda ýeňip geçjekdigiňize berk ynanýaryn” diýip, Döwlet Baştutanymyz hatynda belledi we durmuşyň şu agyr günlerinde hemmetaraplaýyn goldamaga we zerur bolan halatynda ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

“Gadyrly doganym, Size we maşgalaňyza tiz wagtda sagalmagyňyzy tüýs ýürekden arzuw edýärin hem-de Beýik Biribardan size berk jan saglyk, uzak ömür dileg edýärin” diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň we maşgalasynyň iberen hatynda nygtalýar.

Şenbe güni Ärdogan özüniň we maşgalasynyň koronawirus ýokanjy bilen keselländigini mälim etdi. Ýekşenbe güni lukmanlar Türkiýäniň Baştutanynyň bu keseli ýeňil görnüşinde geçirýändigini beýan etdiler, şunuň bilen baglylykda, Ärdogan sanly ulgam arkaly işlemegini dowam etdirýändigini aýtdy.

2022