Türkmen Lideri telefon arkaly türk kärdeşiniň saglyk ýagdaýy bilen gyzyklandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri telefon arkaly türk kärdeşiniň saglyk ýagdaýy bilen gyzyklandy
Döwlet Baştutanymyz öz adyndan we maşgalasy Ogulgeregiň adyndan türk Liderine hem-de onuň maşgalasy Emine hanyma tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda duşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda Milli Liderimiz dostlukly döwletiň Baştutany bilen salamlaşyp, Rejep Taýyp Ärdoganyň we onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi baradaky habary uly gynanç duýgusy bilen kabul edendigini belledi.

“Gadyrly doganym, şu dörän pursatda ikiçäk söhbetdeşlikde siziň ýagdaýyňyzy soramak üçin telefon arkaly saglyk-amanlyk soraşmak isledim” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hut öz adyndan we maşgalasy Ogulgeregiň adyndan türk Liderine hem-de onuň maşgalasy Emine hanyma tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw edip, olaryň özlerine mahsus bolan gujur-gaýraty we ruhy durnuklylygy bilen bu keseli ýakyn wagtda ýeňip geçjekdiklerine we gutuljakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, zerur bolan halatynda, türkmen tarapynyň hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Türk Lideri öz gezeginde tüýs ýürekden çykýan duýgudaşlyk sözleri hem-de hoşniýetli arzuwlary üçin türkmen doganyna hoşallyk bildirip, Türkiýäniň we Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezdigine berk ynam bildirdi.

Şenbe güni Ärdogan özüniň we maşgalasynyň koronawirus ýokanjy bilen keselländigini mälim etdi. Ýekşenbe güni lukmanlar Türkiýäniň Baştutanynyň bu keseli ýeňil görnüşinde geçirýändigini beýan etdiler, şunuň bilen baglylykda, Ärdogan sanly ulgam arkaly işlemegini dowam etdirýändigini aýtdy.

2022