FAO: ýanwarda dünýäde azyk önümleriniň bahalary ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
FAO: ýanwarda dünýäde azyk önümleriniň bahalary ýokarlandy
Ösümlik ýaglarynyň indeksi ýanwar aýynda 4,2% ýokarlanyp, rekord derejä ýetdi.

Esasan ösümlik ýaglarynyň indeksiniň artmagy sebäpli, azyk önümleriniň dünýä bahalary ýanwar aýynda ýokarlandy. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) geçen penşenbe güni habar berdi.

Esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alýan FAO-nyň azyk önüm baha indeksi geçen aýda ortaça 135,7 bala ýetdi. Indeks 2021-nji ýylyň dekabr aýyndan 1,1% ýokarlandy.

Hasaplanan harytlaryň arasynda bahalary iň ýokary galan önümleriň hatarynda ösümlik ýagy we süýt bardy.

FAO ösümlik ýaglarynyň indeksiniň ýanwar aýynda 4,2% ýokarlanyp, rekord derejä ýetendigini aýtdy. Bahalaryň ýokarlanmagy eksport elýeterliliginiň peselmegi we beýleki üpjünçilik çäklendirmeleriniň, esasanam işçi güýjiniň hem-de ýaramaz howa şertleriniň netijesinde emele geldi.

Ösümlik ýaglarynyň bahalarynyň ýokarlanmagy barada aýdyp, FAO-nyň Bazarlar we söwda bölüminiň müdiri Boubaker Ben-Belhassen bu bökdençlikleriň täsiriniň ýakyn wagtda ýeňip bolmajagy barada aladalaryň bardygyny belledi.

FAO-nyň süýt bahasynyň indeksi 2,4% ýokarlandy. Bu bolsa yzygiderli bäşinji aý ýokarlanyp gelýär. Esasanam, gury süýt tozynyň we mesgäniň indeksiniň ýokarlanmagy hasaba alyndy.

FAO-nyň ýanwar aýynda galla önümleriniň bahasynyň indeksi dekabr aýy bilen deňeşdirilende 0,1% ýokarlandy. Awstraliýada we Argentinada bol hasylyň ýygnalmagy netijesinde bugdaýyň dünýä bahalary 3,1% peseldi. Şeýle hem şalynyň hasylynyň az möçberde ýygnalmagy we Aziýanyň alyjylary tarapyndan yzygiderli satyn alynmagy tüwiniň dünýä bahalarynyň ýanwar aýynda 3,1% ýokarlanmagyna sebäp boldy.

FAO-nyň aýtmagyna görä, ýanwar aýynda etiň bahasy hem ýokarlandy. Esasy eksport ediji döwletlerde, ýagny Hindistanda we Taýlandda amatly önümçilik mümkinçilikleriniň barlygy sebäpli, şekeriň indeksi geçen aý bilen deňeşdirilende 3,1% peseldi.

Azyk önümleriniň dünýäde bahalary 2021-nji ýylda 28% ýokarlanyp, soňky 10 ýylyň dowamynda iň ýokary derejesine çykdy.

2022