Aşgabatda Halkara pediatriýa merkezini açmak meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda Halkara pediatriýa merkezini açmak meýilleşdirilýär
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Sapardurdy Toýlyýewe Halkara pediatriýa merkezini gurmagyň meselelerini öwrenmek tabşyryldy. (Surat: “ÝUNISEF”)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň dowamynda paýtagtymyzda Halkara pediatriýa merkezini we ýene-de bir Stomatologiýa merkezini gurmagyň maksadalaýykdygy barada aýdyp, ylym, bilim, saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlaryna gözegçilik edýän  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Sapardurdy Toýlyýewe bu meseleleri düýpli öwrenmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň dowamynda döwletimizi ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň saglygyny goramak we bu ugurda alnyp barylýan işlere gözegçilik etmek üçin ýurdumyzda öňüni alyş arassaçylyk çärelerini geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Maslahatyň dowamynda Milli Liderimiz ýakynda XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň amala aşyrylandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz iş saparyndan gaýdyp gelen Hökümet agzalarynyň Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň Düzgünnamasyna laýyklykda, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek üçin hökmany karantinde bolandygyny hem-de onuň netijeleriniň kada laýyk gelýändigini aýtdy.

Aşgabatda geçen ýylyň oktýabr aýynda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, şeýle hem 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy başlanypdy.

2022