Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan duşenbe güni öz “Twitter” sahypasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa özüniň we maşgalasynyň saglyk ýagdaýy bilen gyzyklanyp, tiz wagtda sagalmaklary üçin eden arzuwlaryna minnetdarlygyny bildirdi.
“Gadyrly dostum Berdimuhamedowa saglyk ýagdaýym bilen baglanyşykly aýdan hoşniýetli sözlerine sag bolsun aýdýaryn we ähli türkmen doganlaryma mähirli salamymy ýetirýärin” diýip, Rejep Taýyp Ärdogan belledi.
Mälim bolşy ýaly, şenbe güni Ärdogan özüniň we maşgalasynyň koronawirus ýokanjy bilen keselländigini mälim etdi. Ýekşenbe güni lukmanlar Türkiýäniň Baştutanynyň bu keseli ýeňil görnüşinde geçirýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Ärdogan sanly ulgam arkaly işlemegini dowam etdirýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň Baştutanynyň we Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda duşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda Milli Liderimiz dostlukly döwletiň Baştutanynyň we onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi baradaky habary uly gynanç duýgusy bilen kabul edendigini belledi.