Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi “Anadolu” agentliginiň edara binasyna sapar etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi “Anadolu” agentliginiň edara binasyna sapar etdi
Türkmen ilçisi öz gezeginde “Anadolu” agentligiň ýolbaşçylygyndaky metbugatyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigini aýtdy. (Surat: AA)

Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Işanguly Amanlyýew çarşenbe güni Ankaradaky Türkiýäniň “Anadolu” agentliginiň baş edara binasyna iş saparyny amala aşyrdy.

“Anadolu” Geňeşiniň başlygy, müdir Serdar Karagoz we Taslama dolandyryş utgaşdyryjysy Oguz Karagaş Amanlyýewi garşy aldylar. Bu barada “Anadolu” agentligi habar berdi.

Karagoz ilçi Amanlyýewi agentligiň baş edara binasynda garşy almakdan hoşaldygyny aýdyp, oňa halkara habarlaryň gurluşy we alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

“Anadolu” agentliginiň Türkmenistan boýunça köp materiýallary döretmek isleýändigini belläp, Karagoz bu meseläniň agentligiň ileri tutýan ugurlarynyň biridigini aýtdy.

Türkmen ilçisi öz gezeginde “Anadolu” agentligiň ýolbaşçylygyndaky metbugatyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigini aýtdy.

Şeýle hem, taraplar geçen ýyl Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda Aşgabat şäherinde geçirilen duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet habar gullugy (TDH) bilen “Anadolu” agentliginiň arasynda gol çekilen hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşygyň ähmiýetini nygtadylar.

1920-nji ýylda esaslandyrylan “Anadolu” agentligi Türkiýäniň paýtagty Ankarada ýerleşýän döwlet habarlar gullugydyr. Ýüzlerçe ýurtdaky habarçylaryň global ulgamynyň üsti bilen “Anadolu” agentligi syýasat, ykdysadyýet, energiýa, sport, saglyk, ylym, tehnologiýa we medeniýet barada habarlary ýazýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022