Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni paýtagtymyzda desgalaryň birnäçesiniň taslamalary we käbir gurluşyk desgalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda ozalky Hökümet münberiniň hem-de B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň durkuny döwrebaplaşdyrmak işleri bilen tanyşdy.
“Buig Türkmen” kompaniýasynyň baş direktory Alekseý Reşow Döwlet Baştutanymyzy Aşgabat şäheriniň merkezinde binalary döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulýan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Hökümet münberine ünsi çekip, ony işewür duşuşyklaryň geçirilýän merkezine öwrüp gurmagy tabşyrdy. Şol ýerde işewürler bilen gepleşikleri geçirmek mümkinçiligi, tanyşdyrylyş dabaralaryny geçirmek hem-de dürli taslamalary görkezmek üçin ähli zerur şertler döredilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz binalaryň içki gurluşynyň, bezeginiň, reňk öwüşgininiň şu töweregiň beýleki binalary bilen sazlaşykly utgaşmagynyň örän möhümdigini nygtady.
Geçen ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäheriniň Köpetdag şaýolunyň ugrunda ýerleşýän täze Hökümet münberiniň toplumy açyldy.