Türkmen Lideri “Daşkent” seýilgähiniň gurluşygy boýunça görkezmeleri berdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri “Daşkent” seýilgähiniň gurluşygy boýunça görkezmeleri berdi
Milli Liderimiz täze desgalaryň iki halkyň milli özboluşlylygyna aýratyn üns bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni paýtagtymyzda desgalaryň birnäçesiniň taslamalary we käbir gurluşyk desgalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän “Daşkent” dynç alyş seýilgähiniň baş meýilnamasy, onuň içinde ýerleşjek desgalaryň görnüşleriniň taslamalary bilen tanyşdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow baş meýilnama bilen tanyşdyrdy.

Milli Liderimiz täze desgalaryň gurluşygynyň ähmiýetini nazarda tutup, onuň gurluşygynda ýokary hil derejesine we iki halkyň milli özboluşlylygyna aýratyn üns bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň türkmen we özbek halklarynyň gatnaşyklaryny has-da ösdürmekde we mundan beýläk-de pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetli işleriň biri boljakdygyny hem-de dürli ugurlarda ýaýbaňlandyrylan hyzmatdaşlygyň depginli ösdürilmegine uly ýardam berjekdigini aýratyn belledi.

2018-nji ýylda iki döwletiň dostlugynyň we doganlygynyň alamaty hökmünde Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde “Aşgabat” seýilgähi açylypdy.

2022