Fewral II hepde: eksport geleşikleri $56 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Fewral II hepde: eksport geleşikleri $56 milliondan geçdi
BAE-niň, Pakistanyň we Owganystanyň telekeçileri el halylaryny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 56 million 447 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE), Türkiýäniň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň telekeçileri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) öndürilen suwuklandyrylan gazy, binýatlyk ýagy, awtobenzini we arassalanmadyk parafini satyn aldylar. BAE-niň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa “Türkmengaz” hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň işewürlerine nah ýüplük ýerlenildi.

BAE-niň, Pakistanyň we Owganystanyň telekeçileri jemi bahasy 16 million 42 müň manatlykdan gowrak el halylaryny, nah ýüplügi, buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 13 million 989 müň manatlykdan gowrak bolan “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 89-sy hasaba alyndy.

2022