Merkezi saýlaw topary Serdar Berdimuhamedowyň Prezidentlige dalaşgärligini bellige aldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi saýlaw topary Serdar Berdimuhamedowyň Prezidentlige dalaşgärligini bellige aldy
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Serdar Berdimuhamedowy ýurduň iň uly wezipesine dalaşgärlige hödürledi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowy sişenbe güni iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde bellige aldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär hökmünde bellige alnan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa degişli şahsyýetnama gowşuryldy.

Serdar Berdimuhamedow bellige alnandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda özüniň güýjüni, bilimini, tejribesini we ukyp-başarnygyny gaýgyrman bildirilen ynama halkyň we ýurduň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň bähbidine amala aşyrylýan anyk işler bilen hötde gelmek ugrunda zerur tagallalary etjekdigini ynandyrdy.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy duşenbe güni Aşgabatda geçirilen nobatdan daşary IX gurultaýynyň dowamynda Serdar Berdimuhamedowy ýurduň iň uly wezipesine dalaşgärlige hödürledi.

Türkmenistanda möhletinden öň Prezident saýlawlary şu ýylyň 12-nji martynda geçiriler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022