Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistanda täze bellenen wekili hanym Narine Saakýan çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada BMGÖM-iň ýaýradan metbugat beýanatynda habar berildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hökümeti bilen BMGÖM-iň arasynda ykdysady diwersifikasiýa, sanly transformasiýa, saglygy goraýyş, sosial inklýuziýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi, energiýa netijeliligi, betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak, adam hukuklary we milli ösüşiň beýleki ugurlary ýaly giň gerimli meseleler boýunça geljekde strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hanym Narine Saakýan Türkmenistanyň Prezidentine “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” kesgitlenen we halkara borçnamalara hem-de ýurduň ileri tutýan ugurlaryna laýyklykda, ösüş ugrunda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde berlen goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi.
Narine Saakýan Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasyna we onuň hemmetaraplaýyn goldawyna hemişe bil baglap biljekdigini aýdyp, BMGÖM-iň halkara gurama hökmünde Türkmenistana dünýä tejribesini we täze tehnologiýalary çekmäge şat boljakdygyny ynandyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Hanym Saakýan BMG ulgamynda taslamalaryň dolandyryjysy we BMGÖM-niň hemişelik wekili bolup, 20 ýyldan gowrak tejribe toplady, şeýle hem ol hökümet edaralarynda we ylmy-gözleg guramalarynda, ýerli we halkara jemgyýetçilik guramalarynda, Bütindünýä bankynda, USAID-da hem-de beýleki halkara guramalarynda 15 ýyl goşmaça tejribe toplady.
Hanym Saakýan ozal BMGÖM-niň Demirgazyk Makedoniýada hemişelik wekili, Moldowada, Makedoniýada we Türkmenistanda hemişelik wekiliniň orunbasary wezipelerinde işledi.
Hanym Saakýan Ykdysadyýet ylymlarynyň doktory (Moskwa, Döwlet meýilleşdiriş gullugy) we Biznes dolandyryşy boýunça bakalawr derejesine eýedir (Ýerewan, Inženerçilik uniwersiteti).