ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID) Merkezi Aziýada söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen täze baş ýyllyk taslamasyna badalga berdi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy çarşenbe güni habar berdi.
Taslama Merkezi Aziýanyň bäş döwletine – Türkmenistana, Gazagystana, Gyrgyzystana, Täjigistana we Özbegistana gönükdirilip, onuň býujeti 19 million ABŞ dollaryna barabardyr.
Taslamanyň maksady gümrük we serhet gözegçilik düzgünlerini sazlamak, hususy we döwlet pudaklarynyň maýa goýum hem-de söwda meselelerinde özara gatnaşyklaryny güýçlendirmek, sebitdäki hususy kärhanalaryň arasyndaky serhetara hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly sebitdäki ykdysady mümkinçilikleri giňeltmekden ybaratdyr.
USAID şu ýylyň ýanwar aýynda sebitleýin “Bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we iş orunlaryny döretmek” (CTJ) atly bäş ýyllyk taslamasyny üstünlikli tamamlady.