Prezident saýlawlaryna Türki guramanyň synçylarynyň iberilmegine garaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Prezident saýlawlaryna Türki guramanyň synçylarynyň iberilmegine garaldy
Türkmenistanyň Türki döwletleriň guramasy bilen dahylly birnäçe halkara gurluşlary bilen hyzmatdaşlygyna gyzyklanma bilen seredýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň penşenbe güni Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew bilen onlaýn maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda diplomatlar Türki döwletleriň guramasynyň synçylarynyň şu ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görülmegine we geçirilişine gözegçilik etmek boýunça toparyny ibermek bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň bu Gurama bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri bu guramanyň ýurtlarynyň dürli ugurlar boýunça özara gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem giňeldilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Türki döwletleriň guramasy bilen dahylly birnäçe halkara gurluşlary bilen hyzmatdaşlygyna gyzyklanma bilen seredýändigi bellenildi.

Ýatladyp geçsek, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow çarşenbe güni GDA agza ýurtlaryň synçylarynyň Türkmenistanda geçiriljek Prezident saýlawlaryna gözegçilik etmäge garaşýandyklaryny mälim etdi.

Demoktratiýanyň, parlamentarizmiň ösüşine gözegçilik etmek we GDA agza ýurtlaryň Parlamentara Assambleýasynyň raýatlarynyň hukuklaryny goramak boýunça halkara institutynyň direktory Iwan Muşket şenbe güni GDA agza ýurtlaryň Parlamentara Assambleýasy Türkmenistanyň hökümeti 12-nji martda möhletinden öň geçiriljek Prezident saýlawlaryna gözegçilik etmek boýunça çakylygyny iberse, bu meselä sereder diýipdi.

2022