Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň ussat diplomaty” nyşany bilen sylaglandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň ussat diplomaty” nyşany bilen sylaglandy
Milli Liderimizi tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak dabarasy Ruhyýet köşgünde geçirildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi anna güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy döwletimiziň halkara abraýyny has-da belende götermekde goşan uly şahsy goşandy üçin “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglady.

Milli Geňeşiň Mejlisi Daşary işler ministrliginiň ýüzlenmesine esasynda Döwlet Baştutanymyza degişli tapawutlandyryş nyşanyny bermek baradaky Karary kabul etdi.

Ruhyýet köşgünde Milli Liderimizi tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Hormatly Prezidentimiz bu sylagyň gowşurylandygy üçin minnetdarlyk bildirip, sylagy dabara gatnaşyjylaryň we mähriban halkymyzyň bildirýän uly ynamy hem-de çäksiz hormaty hökmünde kabul edýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz çäräniň dowamynda ýene-de bir kitabyny tamamlandygyny habar berdi. “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly bu kitap hormatly Prezidentimiziň halk köpçüliginiň öňünde eden çykyşlarynyň ýygyndysydyr. Kitapda ýurdumyzy ösdürmegiň dürli meseleleri, daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki ugurlar boýunça Milli Liderimiziň pikirleri jemlenendir. Aýratyn-da, döwletimizi geljekde ösdürmek boýunça köp teklipler bardyr.

Mälim bolşy ýaly, “Türkmenistanyň ussat diplomaty” atly tapawutlandyryş nyşany Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli daşary syýasatyny amala aşyrmakda, daşary ýurt döwletleri bilen syýasy, söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky gatnaşyklaryny ösdürmekde we berkitmekde, abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklaryny giňeltmekde şahsy goşandyny goşan hem-de Watanymyzyň öňündäki beýleki hyzmatlary üçin ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerini sylaglamak maksady bilen, milli Liderimiziň 2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda döredildi.

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni her ýylyň 18-nji fewralynda bellenilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022