Raýatlaryň teklipçi toparlary Prezident saýlawlaryna iki dalaşgär hödürlediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Raýatlaryň teklipçi toparlary Prezident saýlawlaryna iki dalaşgär hödürlediler
Raýatlar toparlary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürlenilende ol saýlawçylaryň azyndan 10 müňüsiniň goly bilen gollanylmalydyr.

Balkan we Lebap welaýatlarynda raýatlaryň teklipçi toparlary anna güni şu ýylyň 12-nji martynda möhletinden öň geçiriljek saýlawlarda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine öz dalaşgärlerini hödürlediler.

Balkan welaýatynyň raýatlarynyň topary “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürledi.

B.Gurbanow 2004-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetini tamamlap, Balkan welaýatynyň köpugurly hassahanasynda işledi. Ol 2012-2019-njy ýyllar aralygynda Balkan welaýatynyň Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň birinji orunbasary wezipesini eýeledi.

Lebap welaýatynyň raýatlarynyň topary maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Perhat Begenjowy Türkmenistanyň Prezident wezipesine dalaşgärlige hödürledi.

P.Begenjow 2000-nji ýylda ykdysatçy hünäri boýunça Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyny tamamlap, bu ýokary okuw mekdebinde mugallym bolup işledi. 2014-nji ýylyň mart aýyndan şu güne çenli Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory wezipesinde işleýär. Ol Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň hem agzasydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri raýatlar topary tarapyndan hödürlemegiň Tertibini kesgitleýän Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 46-njy maddasyna laýyklykda, dalaşgär saýlawçylaryň azyndan 10 müňüsiniň goly bilen gollanylmalydyr.

Türkmenistanda duşenbe güni Prezident saýlawlary möwsümi başlandy.

2022