Fewral III hepde: eksport geleşikleri $96 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Fewral III hepde: eksport geleşikleri $96 milliondan geçdi
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 23 müň ABŞ dollaryna golaý bolan portlandsementi satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 96 million 537 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Beýik Britaniýanyň, Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE), Türkiýäniň, Hytaýyň, Maltanyň telekeçileri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, nebit koksuny, ýangyç mazudyny, arassalanmadyk parafini, şeýle hem Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Polşanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň degişli kärhanasynda öndürilen polietileni, tehniki ýody we polipropileni satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Türkiýäniň, Russiýanyň, BAE-niň, Maltanyň, Ermenistanyň, Polşanyň, Owganystanyň işewürleri nah ýüplügini, el halylaryny, jins matalaryny, tekiz boýalan žakkard tüýjümek önümleri satyn aldylar.

Hindistanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Owganystanyň telekeçileri bahasy 37 million 177 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi, el halylaryny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 23 müň ABŞ dollaryna golaý bolan portlandsementi, şeýle hem bahasy 4 million 303 müň manada golaý bolan ýokary dykyzlykly polietileni hem-de el halylaryny satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022