UNIDO Türkmenistan bilen energiýa ulgamynda tejribesini paýlaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
UNIDO Türkmenistan bilen energiýa ulgamynda tejribesini paýlaşar
UNIDO edara binasy, Wena, Awstriýa (Surat: UNIDO)

BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) arassa we serişdeleri netijeli ulanyp önümçilik etmek, bio howpsuzlygy, suw dolandyrylyşy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we senagatda energiýa netijeliligi ýaly meseleleri çözmekde Türkmenistan bilen öz tejribesini paýlaşar. Bu barada Azerbaýjanyň “Trend” agentligi duşenbe güni habar berdi.

UNIDO-nyň “Trend” agentligine beren beýanatyna görä, gurama Türkmenistanyň senagat pudagyny döwrebaplaşdyrmak, senagat zolaklaryny, ylmy, ekologiýa we tehnoparklaryny mahabatlandyrmak hem-de ýokary hilli infrastrukturasyny, maýa goýumlaryny we tehnologiýalaryny ösdürmek ýaly ugurlarda Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýär.

UNIDO Türkmenistanyň hökümeti bilen tehniki hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy, toplan tehniki bilimlerini we tejribesini üpjün etmegi, şeýle hem senagaty ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmek üçin ýurda halkara platformalara bolan elýeterliligi üpjün etmäge ýardam berer.

“Munuň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilmegine goşant goşjakdygyna ynanýarys” diýip, UNIDO belledi.

Gurama häzirki wagtda inklýuziw we durnukly ykdysady ösüşi gazanmak ugrundaky tagallalarda Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Mundan başga-da, UNIDO hususy pudagyň ösüşini öňe sürmek, oba hojalygy senagatyny güýçlendirmek, daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň çäklerinde alternatiw energiýa çeşmeleriniň ösdürilmegine goldaw bermek arkaly ýurduň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň üstünde işleýär.

2022