Türkmenistan Täjigistandan 10 müň tonna alýumin satyn almagyň üstünde işleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Täjigistandan 10 müň tonna alýumin satyn almagyň üstünde işleýär
Alýumin önümleri senagat önümçiliginde zerur çig mal hökmünde giňden ulanylýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow duşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Täjigistanyň Senagat we täze tehnologiýalar ministrliginden 10 müň tonna alýumin satyn almak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada habar berdi.

Wise-premýer Täjigistan bilen ýokary derejede gazanylan ylalaşygyň çäklerinde Türkmenistanyň “Nebitmaş” döwlet kärhanasynda öndürilýän önümleriň çig maly hökmünde ulanylýan sozulan we guýma alýumin taýýarlamalaryny satyn almakda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda ýola goýlan dostlukly hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilmeginiň senagat pudagynda düýpli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtady.

Ýokary hilli senagat önümçiligini ösdürmekde zerur çig mal hökmünde ulanylýan alýumin önümleriniň getirilmegi bilen baglanyşykly meseleler hemmetaraplaýyn we häzirki döwrüň ýagdaýyna laýyklykda içgin öwrenilmelidir diýip, Milli Liderimiz belledi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle-de Çarymyrat Purçekow ýurduň dürli künjeklerinde, şol sanda Aşgabat şäherinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy we 2022-nji ýylda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň gurluşygyna girişmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän taýýarlyklar bilen Döwlet Baştutanymyzy tanyşdyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022