Türkmen we rus resmileri Moskwada hyzmatdaşlygyň geljegine serederler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen we rus resmileri Moskwada hyzmatdaşlygyň geljegine serederler
Moskwa, Russiýa

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetini 21-22-nji fewralda Moskwa iş saparyna ugratmak boýunça Buýruga gol çekdi.

Daşary işler ministri R.Meredow Russiýanyň Daşary işler ministrliginde we beýleki döwlet düzümlerinde gepleşikleri geçirer. Duşuşyklaryň baş maksady türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly soraglaryň toplumy boýunça pikir alyşmakdan ybarat bolar.

Döwlet Baştutanymyz DIM-niň ýolbaşçysyna ýüzlenip, Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Milli Liderimiz ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklara, döwlet, parlament we hökümet derejelerinde özara saparlary guramaga, bilelikdäki syýasy forumlary guramaga hem-de geçirmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitine taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly soraglary ara alyp maslahatlaşmagy, şeýle hem russiýaly hyzmatdaşlar bilen ilkinji gezek Aşgabatda şu ýylyň maý aýynda parlament ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirilýän “Merkezi Aziýa-Russiýa” Parlament forumynyň maksatnamasyna we gün tertibine seretmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny depginli ösdürmek, ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi üpjün etmek, yzygiderli esasda ylym, bilim we medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, bilelikde hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygyny şu ýylyň ikinji ýarymynda guramak bilen bagly soraglaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyny nygtady.

Şeýle-de Milli Liderimiz R.Meredowa Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny baýram edip bellemäge bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň üstünde işlemegi tabşyrdy.

Russiýa Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden we diplomatik gatnaşyklary ýola goýan ilkinji döwletleriň biridir. Şu ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy belleniler.

2022