Türkiýäniň Söwda ministri Mehmet Muş Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin penşenbe güni Aşgabada sapar amala aşyrar. Bu barada Türkiýäniň Söwda ministrligine salgylanyp, “Anadolu” agentligi sişenbe güni habar berdi.
Türkiýäniň Söwda ministri saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul ediler.
Mehmet Muş öz saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady we maliýe meseleleri boýunça orunbasary Serdar Berdimuhamedow, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumy boýunça orunbasary Çary Gylyjow hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen duşuşyklary geçirer.
Olaryň barşynda maýa goýumlary we potratçy kompaniýalaryň işi bilen bagly meselelere garalar.
Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda söwda dolanyşygy 2021-nji ýylda 1 milliard 700 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji 2020-nji ýyl (985 million ABŞ dollary) bilen deňeşdirilende 53% artdy. Türkiýäniň Türkmenistana eksporty 985 million ABŞ dollaryna, importy bolsa 711 million ABŞ dollaryna deň boldy.
Häzirki wagta çenli Türkiýäniň gurluşyk kompaniýalary Türkmenistanda umumy bahasy 50 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan 1 müň 61 sany taslamany durmuşa geçirdi.