Raşid Meredow Moskwada birnäçe resmi gepleşikleri geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Raşid Meredow Moskwada birnäçe resmi gepleşikleri geçirdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Halkara işleri boýunça komitetiniň Başlygy Grigoriý Karasin bilen sişenbe güni Moskwada geçiren duşuşygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni Moskwada birnäçe resmiler bilen duşuşyklary geçirdi.

Raşid Meredowyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Halkara işleri boýunça komitetiniň Başlygy Grigoriý Karasin bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda taraplar şu ýyl Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de taraplar duşuşygyň dowamynda Russiýada geçiriljek II Hazar ykdysady forumynyň hem-de Türkmenistanda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitiniň taýýarlyk işlerine seretdiler. Bu barada Russiýanyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Halkara işleri boýunça komitetiniň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň belleýşi ýaly, R.Meredow Russiýanyň Prezidentiniň GDA gatnaşyjy ýanaşyk ýerleşen döwletler bilen RF-niň serhediniň delimitasiýasy we demarkasiýasy boýunça Ýörite wekili, Hazar deňzi boýunça köptaraplaýyn gepleşiklerde rus wekiliýetiniň ýolbaşçysy Mihail Petrakow bilen hem duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşler Türkmenistanda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitine taýýarlyk görmek we ony üstünlikli geçirmek üçin ysnyşykly hereket etmek babatynda ylalaşdylar. 

Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň orunbasary Ilhom Nematow bilen hem duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda şu ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlary bilen baglylykda, olarda GDA-nyň synçy toparynyň gatnaşmagynyň mümkinçilikleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Raşid Meredow öz kärdeşi Sergeý Lawrow bilen hem duşuşdy. Duşuşygyň jemleri boýunça Raşid Meredow we Sergeý Lawrow ýurtlaryň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Bilelikdäki Beýannama kabul etdiler, şeýle-de şol gün mynasybetli bagyşlanan çäreleriň Meýilnamasyna, 2022-2025-nji ýyllar üçin halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň durmuşa geçirilmeginiň Meýilnamasyna gol çekdiler.

2022