Prezident wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Prezident wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär
Dalaşgärler ýurdumyzyň welaýatlaryna baryp, wagyz işlerini geçirýärler.

Saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyry — Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär. Dalaşgärler ýurdumyzyň welaýatlaryna baryp, wagyz işlerini geçirmek üçin, Saýlaw kodeksine laýyklykda, özlerine berlen deň hukuklardan we mümkinçiliklerden peýdalanýarlar hem-de saýlawçylaryň öňünde çykyş edýärler.

Lebap welaýat häkimliginiň maslahatlar zalynda çarşenbe güni Demokratik partiýa tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hödürlenen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda Serdar Berdimuhamedow bildirilen ýokary ynam üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de bu ýere ýygnananlary iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyrdy. 

Şeýle-de çarşenbe güni Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Hydyr Nunnaýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi. H.Nunnaýew Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda, bildirilen ýokary ynamy ödemek üçin ähli güýç-gaýratyny, bilim-tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Mundan başga-da, Daşoguz welaýatynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi. Prezident wezipesine dalaşgär ýygnananlara duşuşyga işjeň gatnaşandyklary üçin hoşallygyny beýan edip, olary saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň barşynda döwlet dolandyryşynda ýaş ýolbaşçylara ýol bermek kararyny mälim etdi.

Mejlisiň dowamynda, Milli Liderimiz özüniň durmuş hem-de syýasy tejribesini mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýändigini beýan etdi.

2022