Astrahanda türkmen logistika merkeziniň açylmagy boýunça iş topary döredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Astrahanda türkmen logistika merkeziniň açylmagy boýunça iş topary döredildi
Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Güýç Garaýew 2021-nji ýyl boýunça daşary söwda dolanyşygynda ösüşiň gazanylandygyny belledi. (Surat: Astrahan oblastynyň gubernatorynyň metbugat gullugy)

Russiýanyň Astrahan oblastynyň Daşary gatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Güýç Garaýew bilen penşenbe güni iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda  konsul Garaýew Astrahanda Türkmenistanyň logistika merkeziniň açylmagy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk agentliginiň, “Deňizderýaýollary” agentliginiň, logistika we demirýol kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny öz içine alýan iş toparynyň döredilendigini mälim etdi.

Konsulyň bellemegine görä, iş topary bu desganyň gurluşygynyň taslamasyny jikme-jik maslahatlaşmak üçin Astrahan oblastyna sapara taýýarlanýar. Bu barada Astrahan oblastynyň gubernatorynyň metbugat gullugy habar berdi.

Iş toparynyň ygtyýarlygy Olýa we Türkmenbaşy portlarynyň arasynda yzygiderli parom gatnawlarynyň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meselelere garamagy hem öz içine alýar.

Wladimir Golowkow Türkmenistanyň Astrahan oblasty üçin strategiki hyzmatdaşydygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtap, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkiniň Aşgabatdaky duşuşygynyň netijesi esasynda gazanylan ylalaşyklaryň tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirilip başlanýandygyny aýtdy.

Güýç Garaýew pandemiýa bilen baglanyşykly çäklendirmelere garamazdan, Türkmenistan bilen Astrahanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli ösýändigini aýdyp, 2021-nji ýyl boýunça daşary söwda dolanyşygynda ösüşiň gazanylandygyny belledi.

“Birleşen gämi gurluşyk kooperasiýasynyň” we “Günorta gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş merkeziniň” wekilleri Türkmenistana sapar amala aşyrmagy meýilleşdirýärler diýip, Astrahanyň Daşary gatnaşyklar ministri aýtdy. Olar saparyň çäklerinde tejribe alyşarlar we özleriniň gämi gurluşyk kärhanalarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrarlar.

2022