Birnäçe türkmen elektrik stansiýalary utgaşykly dolanyşyga geçer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Birnäçe türkmen elektrik stansiýalary utgaşykly dolanyşyga geçer
Ýyllyk kuwwaty 648,1 megawat bolan Ahal döwlet elektrik stansiýasy 2010-njy ýylda ulanylmaga berildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Çarymyrat Purçekow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýönekeý dolanyşykda işleýän birnäçe döwlet elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek barada alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň aýtmagyna görä, häzirki wagtda ýönekeý dolanyşykda işleýän Ahal we Daşoguz döwlet elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek maksady bilen, Energetika ministrligi bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Purçekow Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda “Sumitomo Corporation” ýapon kompaniýasy tarapyndan gurlup ulanmaga berlen, kuwwaty 432 megawat bolan Lebap döwlet elektrik stansiýasyny utgaşykly dolanyşyga geçirmegiň mümkinçilikleriniň öwrenilýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer seljerme işlerini geçirmegiň netijesinde taýýarlanylan teklipleri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, elektrik energetikasy ulgamynda hem iri taslamalar amala aşyrylanda daşky gurşawy goramak meselelerine örän jogapkärli çemeleşmegiň, serişdeleri tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň möhüm şert bolup durýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz bu işde dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmäge we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, möhüm taslamalary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ýyllyk kuwwaty 254,2 megawat bolan Daşoguz döwlet elektrik stansiýasy 2007-nji ýylda we ýyllyk kuwwaty 648,1 megawat bolan Ahal döwlet elektrik stansiýasy 2010-njy ýylda ulanylmaga berildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022