Žaparow Berdimuhamedowyň özgertmeleriniň dowam etdiriljekdigine umyt bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Žaparow Berdimuhamedowyň özgertmeleriniň dowam etdiriljekdigine umyt bildirýär
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda indiki saýlanjak Prezidentiň onuň başlan ýoluny dowam etdirjekdigine umyt bildirdi.

“Siziň golaýdaky aýgytly syýasy ädimiňiziň türkmen döwletiniň durnukly ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýaryn. Indiki saýlanjak Prezidentiň Siziň başlan ýoluňyzy dowam etdirmegine umyt edýärin. Türkmen döwletiniň bitewüliginiň we ösüşiniň bähbidine Siziň alyp barýan işiňize türkmen halky tarapyndan ýokary baha beriljekdigine ynanýaryn” diýip, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow öz hatynda belledi.

“Iki halkyň arasynda hakyky doganlygy we ynanyşmagy berkarar etmekde ýurduň Lideri hökmünde Siziň amala aşyrýan işiňiziň ähmiýeti uludyr. Siziň gatnaşmagyňyzda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň berkden-berk tutulan binýadynyň geljekde hem pugtalandyrylmagyna umyt edýärin” diýip, Gyrgyzystanyň Prezidentiniň hatynda nygtalýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugatynda şenbe güni habar berildi.

Şeýle-de Gyrgyzystanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk we üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň barşynda döwlet dolandyryşynda ýaş ýolbaşçylara ýol bermek kararyny mälim etdi.

Mejlisiň dowamynda, Milli Liderimiz özüniň durmuş hem-de syýasy tejribesini mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýändigini beýan etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022