Orenburgda “Türkmen söwda öýüni” açmak mümkinçiligine garaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Orenburgda “Türkmen söwda öýüni” açmak mümkinçiligine garaldy
Türkmen tarapy Russiýanyň sebitleri bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly Atadurdy Baýramow Russiýanyň Orenburg oblastynyň gubernatory Denis Pasler bilen anna güni geçirilen duşuşygyň barşynda Orenburgda “Türkmen söwda öýüni” açmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygynyň metbugat beýanatynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Russiýanyň sebitleri bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.

Iki ýurduň döwlet we hususy pudagynyň arasynda eksport-import hyzmatdaşlygyny ýola goýmak üçin Türkmenistanyň önümçilik potensialy barada maglumat berildi. Şeýle hem, Türkmenistanyň we Russiýanyň Orenburg oblastynyň arasyndaky daşary söwda dolanyşygy 2021-nji ýylda 198,7% ýokarlanandygy bellenildi. Türkmenistanyň Orenburga ugradan önümleriniň eksporty importyndan artyk boldy.

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Orenburg oblastynyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen talyplary bilen hem duşuşdy. Onuň dowamynda türkmenistanly talyplara 12-nji martda möhletinden öň geçiriljek Türkmenistanyň Prezident saýlawlary boýunça maglumat berildi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygynda 2-12-nji mart aralygynda saýlaw uçastogynyň açyk boljakdygy mälim edildi.

Mälim bolşy ýaly, “Türkmen söwda öýi” kompaniýasy 2021-nji ýylyň ýylyň mart aýynda Kazan şäherinde hasaba alyndy. 2022-nji ýylyň fewral aýynyň başynda bolsa, “Türkmen söwda öýi” kompaniýasy öz işine başlady. Kompaniýa lomaý we bölek satyn alyjylary, harytlaryň önümçiligi, paýlanylmagy hem-de satylmagy bilen meşgul bolýan kompaniýalary özüne çekmäge gönükdirilendir. Kompaniýanyň täjirçilik işiniň ileri tutulýan ugurlaryndan biri Türkmenistanda öndürilýän dokma, trikotaž we egin-eşik önümleriniň gerimini giňeltmekden ybaratdyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022