Fewral IV hepde: eksport geleşikleri $8 milliona golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Fewral IV hepde: eksport geleşikleri $8 milliona golaýlady
Daşary ýurtly telekeçiler uçar kerosinini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 7 million 897 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE), Hytaýyň we beýleki ýurtlaryň işewürleri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtoulag benzinini, uçar kerosinini, arassalanmadyk parafini, owganystanly telekeçiler bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Mundan başga-da, BAE-niň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekillerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, nah ýüplük ýerlenildi.

Nah ýüplük we haly önümleri Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Gazagystanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasy bölegini düzdi. Geleşikleriň jemi bahasy 31 million 947 müň manatdan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin portlandsement we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we el halylaryny satyn aldylar. Olaryň umumy bahasy degişlilikde 164 müň 275 ABŞ dollaryna hem-de 13 million 321 müň manada deň boldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022