Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň 41 sany saýlaw uçastogy döredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň 41 sany saýlaw uçastogy döredildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik korpusy bilen şenbe güni geçiren onlaýn duşuşygy

Häzirki wagtda Prezident saýlawlaryna görülýän işjeň taýýarlyklaryň barşynda Türkmenistanyň dünýäniň 30 ýurdunda ýerleşýän ilçihanalarynda we konsullyklarynda 41 sany saýlaw uçastogy döredildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik korpusy bilen şenbe güni geçiren duşuşygy boýunça beýanatynda habar berdi.

Onlaýn geçirilen maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň bellemegine görä, daşary ýurtlarda 41 sany saýlaw uçastogynyň döredilmegi Türkmenistanda demokratiýanyň ýokary derejesine laýyk gelýän saýlaw ulgamynyň kemala getirilendiginiň hem-de raýatlaryň hukuklarynyň doly göwrümde üpjün edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar Prezident saýlawlary möwsümi başlany bäri iň ýokary döwlet wezipesine 9 sany dalaşgäri bellige aldy. Ýurduň ähli welaýatlarynda Prezident wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022