Türkmenistan bilen Türkiýäniň Liderleri telefon gepleşigini geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Türkiýäniň Liderleri telefon gepleşigini geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň geçen ýylyň noýabrynda Stambulda geçirilen duşuşygy (Surat: Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda şenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Milli Liderimiz türk kärdeşi Rejep Taýyp Ärdoganyň hem-de onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjyndan sagalandyklaryna örän şatdygyny belledi. Şeýle hem, hormatly Prezidentimiz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen mähirli gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, Türkiýäniň halkynyň bähbidine we ýurduň gülläp ösmegi ugrundaky ähli başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Söhbetdeşler birek-biregi Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutladylar.

Döwlet Baştutanymyz türkmen tarapynyň parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine öňe sürýän halkara başlangyçlaryny hem-de tekliplerini yzygiderli goldaýandygy üçin türk Liderine minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle-de geljegi uly türkmen bazarynda depginli işlemäge gyzyklanma bildirýän öňdebaryjy türk kompaniýalaryny çekmek arkaly, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin örän uly mümkinçiligiň bardygy nygtaldy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy döwlet hökmünde girmegi baradaky çözgüdiň kabul edilmeginiň guwançly wakadygyny belledi hem-de Türkmenistanyň onuň işine we bu düzümiň Ýaşulular Geňeşine işjeň gatnaşmaga taýýardygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Türki dilli ýurtlaryň parlament assambleýasyna we Türki ýurtlaryň söwda-senagat edarasyna agza hökmünde gatnaşmak mümkinçiligine gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.

2022