Türkiýe Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyny belleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýe Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyny belleýär
Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherindäki “Atakule” diňi türkmen baýdagynyň reňki bilen şöhlelendirildi.

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belledi we iki ýurduň arasyndaky ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de  ýokarlandyrmak kararyny tassyklady.

Türkiýäniň Daşary syýasat edarasynyň duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda bellenilmegine görä, Türkiýe Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar eden we bu ýurtda öz ilçihanasyny açan ilkinji ýurt boldy.

Ýurtlaryň arasyndaky medeni we taryhy gatnaşyklara ünsi çekip, ministrlik iki ýurduň umumy diliniň, medeniýetiniň we kökleriniň birek-biregi has-da jebisleşdirýändigini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy döwlet hökmünde girmegi hem-de 2021-nji ýylda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn saparlarynyň amala aşyrylmagy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna itergi berdi.

Türkiýäniň DIM-niň metbugat beýanatynda aýdylyşy ýaly, söwda, maýa goýumlary, energiýa, ulag, medeniýet, bilim we beýleki köp ugurlarda ýakyn geljekde amala aşyrylmaly ikitaraplaýyn ädimler iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň hasam giňelmegine we çuňlaşmagyna goşant goşar.

Türkiýäniň daşary işler ministrligi soňky 30 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty bilen sebitde durnuklylygyň we abadançylygyň ýola goýulmagyna goşant goşandygyny aýdyp, geçmişde bolşy ýaly, Türkiýe geljekde-de Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolar diýdi.

Türkiýäniň resmi metbugatynyň bellemegine görä, 1992-nji ýylda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygy 7 million 500 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.Bu görkeziji 2021-nji ýylda 226 esse artyp, 1 milliard 700 million ABŞ dollaryna deň boldy. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan geçen ýylyň 27-28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammitiniň dowamynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň özara söwdany 5 milliard ABŞ dollaryna ýetirmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherindäki “Atakule” diňi türkmen baýdagynyň reňki bilen şöhlelendirildi.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 29-nji fewralynda ýola goýuldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022